YKDYSADYÝET

Amyderýanyň sag kenarynda iri gaz ýataklary ýüze çykaryldy

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde «Joramergen», «Gökmiýar» we «Daşrabat» ýaly täze ýataklaryň tapgyrlaýyn işe girizilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Amyderýanyň sag kenarynda geçirilen gözleg, özleşdiriş işleri, seýsmiki barlaglar, gözleg we ulanyş guýularynyň burawlanmagy bu ýerde iri gaz ýataklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Şol işler Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň şertlerinde amala aşyrylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: