JEMGYÝET

Welaýat muzeýinde halypa-şägirtlik sergisi ýaýbaňlandyryldy

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Halypa we şägirt» diýen at bilen nakgaşçylyk eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

Sergide welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Alymjan Işankulyýewiň we onuň şägirtleriniň döreden nakgaşçylyk eserleri ýerleşdirildi. Hususan-da, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary Adylhan Şeripowyň, Elnara Saidowanyň, Jennet Hudaýberdiýewanyň, Bägül Bazarowanyň, Aýjemal Şerbaýewanyň, Mähriban Hakimowanyň çeken suratlary sungat muşdaklarynyň ünsüni özüne çekýär. Şonuň ýaly-da sergide Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ýelena Işankulyýewanyň tälim berýän okuwçylarynyň täze döreden işleri-de ýerleşdirildi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän sergi ýene birnäçe günläp öz işini dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: