BIZE YAZYARLAR

Sanly ulgam ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary depginler bilen sanlylaşdyrylýar we innowasion ykdysadyýet kemala getirilýär. Diýarymyzda bu ugry ösdürmek boýunça onuň kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär we maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge gönükdirilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Arkadagly Gahhryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna hem-de onuň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda amala aşyrylýan özgertmeler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle resminamalaryň hatarynda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem bar. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasatynda öňde duran durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeleriň biridigine doly güwä geçýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda elektron hökümeti döretmek we sanly resminamalar dolanyşygyny ýola goýmak arkaly döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Hususan-da, sanlylaşdyrma hususy ulgamdaky edaralary we kärhanalary bir sanly ulgama birikdirýär. Bu bolsa ýokary hilli tehnologiýalara esaslanýan önümçilikde öndürilýän harytlaryň hil taýdan ýokarlanmagyna we möçberiniň artmagyna, hyzmatlar ulgamynyň has-da kämilleşmegine ýardam edýär.

Sanly ulgamy ösdürmeklik halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň hünärmenler we innowasiýalar bilen üpjünçiligine gönüden-göni bagly bolup durýar. Munuň özi ýurtda kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny we pudaklara innowasiýalary ornaşdyrmak babatda daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňden çekilmegini talap edýär. Şoňa görä, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli amala aşyrylýar, iri maýadarlar we innowasion kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Netijede, Diýarymyzda täze önümçilikler ýola goýulýar, ýurdumyzyň dünýä hojalygyndaky orny has-da pugtalandyrylyp, döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär. Şeýlelikde, sanly ulgamyň ösdürilmegi Türkmenistanda mundan beýläk-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga we halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek arkaly Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!

Aýdyn Tagaýewa,

‘’Türkmenhimiýa’’ döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: