Lebaply telekeçiler Türkmenistanyň Söwda senagat palatasynyň ekspo-merkezinde geçirilýän sergä gatnaşýarlar

Şu gün Söwda senagat palatasynyň ekspo-merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredileniniň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi işläp başlady. Oňa Lebap welaýatynyň telekeçileri hem özleriniň önümleri bilen gatnaşýarlar.

Olar paýtagta senagat we azyk önümlerini alyp bardylar. Görkezilýän önümleriň aglaba bölegi importyň ornuny tutýan harytlardyr. Telekeçi Alym Joraýew azyk önümlerini görkezýän ýeke-täk lebaply telekeçidir. Ol özüniň çykarýan süýt önümlerini we çipsisni görkezýär. «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasy elektrik paýlaýjy enjamlaryny, «Mizemez gadam» hususy kärhanasy bitum we izogam, «Nurseýit» hojalyk jemgyýeti gurluşyk garyndyly önümlerini alyp gelipdir. Pawilýonda «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň çykarýan akkumulýatorlary hem ýerleşdirilipdir. «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasynyň öndürýän tekstil önümleri hem sergä ilkinji gün gelenlerde gyzyklanma döretdi. Telekeçi Arslan Möwlamowyň «Ýelken» haryt nyşanly aýakgap önümleri bolsa 18 inedördül metr meýdany eýeleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector