YKDYSADYÝET

Türkmenistanda önüm öndürilişiniň möçberi artýar

Üstümizdäki ýalyň ýanwar — fewral aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda önüm öndürilişi 10,7 göterim ýokarlandy.

Ýanwar — fewral aýlarynyň netijeleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy boýunça 30,7 göterim artdy.

Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,9 göterim berjaý edildi.

Rejelenen Milli oba maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 101 sany durmuş maksatly desgalaryň, suw arassalaýjy desgalaryň 35-siniň, 326 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de düzümleýin ulgamlaryň gurluşygy alnyp baryldy.

Bu baradaky maglumatlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 5 martda geçirlen mejlisinde getirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: