YKDYSADYÝET

«Türkmen senet» hojalyk jemgyýeti täze ýyl sowgatlaryny gaplamak üçin torbalary öndürýär

 «Türkmen senet» hojalyk jemgyýeti täze ýyl sowgatlaryny gaplamak üçin spanbondan sumkalary öndürip başlady. Kärhanada bu önümiň 300 müň töweregini goýbermegi göz öňünde tutýarlar.

Hojalyk jemgyýeti 1,6 metr inlikde dokalmaýan matalaryň täze nesli bolan spanbond öndürýär. Ýakynda bu ýerde önümiň üç metrden gowrak inlilikdäkisini çykarýan sehi hem işe girizdiler.

Sapanbond dürli ugurlarda giňden ulanylýar. Bu ýerde dokalmaýan matadan bir gezeklik lukmançylyk halatlaryny, agyz-burun örtüklerini, bahilleri we beýleki önümleri hem çykarýarlar. Şonuň ýaly-da, lukmançylyk maksatlary we owadanlyk salonlary üçin standart prostynýalaryň önümçiligini hem ýola goýdular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: