YKDYSADYÝET

2009-njy ýyldan bäri Hytaýa jemi 320 milliard kub metrden gowrak türkmen gazy iberildi

Bu maglumatlary Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna guralan saparynyň jemlerine bagyşlap geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna guralan saparynyň jemlerine bagyşlap geçiren iş maslahatynda baş direktory Çen Huaýlun getirdi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda 2007-nji ýylyň 17-nji iýulynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen CNPC korporasiýasynyň arasynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilendigi, häzirki wagtda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde 29 sany gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilýändigi, jemi 137 sany guýudan tebigy gazyň alynýandygy, 2021-nji ýylda bolsa Türkmenistandan Hytaýa 34 milliard kub metre ýakyn tebigy gazyň iberilendigi bellenildi.

2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylanyndan bäri bolsa jemi 320 milliard kub metrden gowrak türkmen gazy Hytaýa iberildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: