SYÝASAT

Türkmenistan Owganystan bilen elektrik energiýasyny ibermek barada goşmaça ylalaşyk baglaşar  

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamalarynyň möhletini uzaltmak we iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini, bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň Karary bilen muňa ygtyýar berdi. Resminamada «türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen» şeýle karara gelinendigi bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: