SYÝASAT

Türkmenistan we Pakistan energetiki taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Pakistanda iş saparynda bolýan Türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Muhammad Hammad Azhar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty ýazýar.

Türkmen tarapy TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça ýetilen sepgitler, häzirki günde alnyp barylýan we geljekde meýilleşdirilýän işler boýunça hem-de TOP elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmagyň konseptual ugry bilen pakistan tarapyny tanyşdyrdy.

Pakistan tarapy maglumatlary kanagatlanma bilen kabul edip, sebit üçin ähmiýetli bolan TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan saldamly işleri üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistanyň bu taslamalaryň ýerine ýetirilmegine doly ygrarlydygyny belledi.

Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň taslamalary boýunça amaly işleri ýerine ýetirmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin tehniki hünärmenler derejesinde ýakyn wagtda duşuşyklaryň geçirilmegini we ýerine ýetirilmeli işleriň ýol kartasynyň taýýarlanylmagyny ylalaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: