YKDYSADYÝET

Gurluşyk işleri öz wagtynda tamamlanar

Lebap welaýatynyň bilim we medeniýet edaralarynyň desgalarynyň, dolandyryş hem-de jemgyýetçilik ulgamlarynyň binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary kadaly işledilýär.

Bu barada welaýat häkimi Şöhrat Amangeldiýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 23-nji oktýabrda geçirilen iş maslahatynda habar berdi.

Mundan başga-da, welaýatda Türkmen alabaýynyň baýramyna görülýän taýýarlyk hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutany ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: