YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky himiýa zawodynda kükürt kislotasynyň önümçiligi artýar

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda kükürt kislotasynyň 15 müň 800 tonnasy öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 700 tonna köpdür.

Kärhnada oba hojalygynda uly islegden peýdalanýan mineral dökünler hem çykarylýar. Ýylyň başyndan bäri azodyň 2 müň 896 tonnasy, fosforyň 3 müň 285 tonnasy öndürildi. Bu önümler hem geçen ýylyň iki aýyndakydan köp çykaryldy. Has takygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, azodyň 1 müň 9 tonnasy, fosforyň 1 müň 139 tonnasy kän öndürildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: