YKDYSADYÝET

Türkmenabat tikin fabriginde önümçiligiň möçberi artýar

 Türkmenabat tikin fabriginde ýylyň başyndan bäri 38 million 294 müň manatlykdan gowrak önüm öndürdiler we sargyt edijilere hem-de söwda nokatlaryna ugratdylar.

 Bu geçen döwür üçin göz öňünden tutulanyndan 11 million 726 müň manatlykdan gowrak önümiň köp öndürilendiginden habar berýär. Başgaça aýdanymyzda, dokuz aýlyk meýilnama 143,7 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini bolsa 113,6 göterime barabar boldy.

Bu ýerde erkekler, aýallar, çagalar üçin dürli geýimler, panamalar, mekdep okuwçylary üçin ýantorbalar öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: