YKDYSADYÝET

Günde 1 tonna golaý konditer önümleri öndürilýär

Bu görkeziji Ak bugdaý etrabyndan telekeçi Rahat Allaýarowa degişli bolan konditer önümlerini öndürýän kärhana degişlidir. Bu ýerde ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply konditer önümleriniň dürli görnüşi öndürilýär. Kakao külkeli, karamel we şokolad huruşly gatlakly kökeleriň görnüşi 10-a ýetýär. «Dabara», «Lezzet», «Arzuw», «Ýakymly» ady bilen ilata ýetirilýän konditer önümleri diňe bir düzümi boýunça däl, eýsem tagamy babatda hem tapawutlanýar.

Häzirki wagtda kärhanada işler bir çalşykda alnyp barlyp, günde 1 tonna golaý konditer önümleri öndürilýär. Taýýarlanýan önümler 200; 300; 350; 700 gramlyk, 1 kilogram 600 gramlyk, 1 kilogram 800 gramlyk, şeýle-de 2 kilogramlyk göze gelüwli gutularda ilata ýetirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: