YKDYSADYÝET

89 taksi 2,7 million manatlyk iş etdi

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri ýolagçylara edilýän hyzmatyň talabalaýyk guralmagy ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Ýolagçylary barmaly menziline çalt ýetirýän taksi ulaglarynyň sürüjileri hem ilata göreldeli hyzmat edýärler.

Önümçilik birleşiginde taksi ulaglarynyň 89-sy her gün iki iş çalşygynda Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň çäginde ýolagçylary gatnadýarlar. Taksileriň çalt hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany köpelýär. Geçen ýylyň dowamynda ulagyň şu görnüşinde ýolagçylara 2 million 721 müň manatlykdan gowrak hyzmat edildi. Ulaglaryň ählisi daşary ýurtlaryň meşhur awtomobil kompaniýalarynyň ýeňil ulaglarydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: