BIZE YAZYARLAR

Kämilligiň çeşmesi

Eger bir gujak öl hem gury çöplemäni bir ýere üýşürip ýaksak, ol gury agaja ýetjek bolar; eger gury ýer bilen çyg ýer birmeňzeş derejede ýerleşen bolsa, onda suw hökman çyg ýere baka zyrmyrlyp akar. Otdur agaç mydama bir ýerde, has dogrusy, birmeňzeş toprakda gögerýär, guşlar bilen çöl haýwanlaram diňe öz sürüleri, öz toplumlary bilen bileje özbaşdak süri-süri, top-top bolup gezýärler, keýikler, sugunlar, ýolbarslar, gaplaňlar, aýraklar, durnalar, bürgütler.., sebäbi ähli zatlar özüne kybapdaşy, özüne meňzeşi küýseýär, hut şonuň ýanyna ýetesi gelýär

Eger owunjak çeşmejikler bir ýere akyp gelseler, derýa,  deňiz emele geler… Şoňa görä-de, arzuw-niýetini gaty çuň gizläp bilýän adam ajaýyp akyl-paýhasa eýe bolup bilук; kimde-kim bütin göwresi, durky bilen işe berilse, şol adam ajaýyp üstünlik gazanyp biler.

Eger okuwyň, bilim almagyň ahlak taýdan näme maksadynyň bardygy hakda aýdylmaly bolsa, onda öňinçäsi alym bolmaga çalyşmaly, iň soňunda-da hakyky parasatly adam bolmaly. Düýpli bilim almaly, tutanýerli hemem kän okamaly, diňe şeýdip sowatly-bilimli adam bolup bilersiň!. Adam ahlagynyň çür başyna ýetmek üçin dynuwsyz okamaly, bilmeli, öwrenmeli.

Dana kişiler, akyl-paýhasly adamlar hut şu hili okaýarlar, bilim alýarlar, gulagynyň eşidip, kabul eden ähli zadyny olar ýürek töründe goýýarlar, bular hem soň göwrede ýerbe-ýer ýerleşip, onuň edim-gylymynda, hüý-häsiýetinde, işinde ýüze çykýar: ol ýerini bilip gürleýär, diýjek sözüni oýlanman aýtmaýar, ýedi ölçäp, bir kesýär, ol her işde-de şu ýörelgä eýerýär. Bu gylyk-häsiýet özgelere nusgadyr, göreldedir, biderek adam welin, ine, şeýleräk okaýar, gulagynyň eşiden ähli zadyny şol bada, eglenmän diline geçirýär. günçlik diýýändirler. Ýürege düşmegem, alňasaklyk hem ýaman häsiýete girýär. Kämil kişiniň jogaby uly iliň dilindedir, adamlaryň gulagynda ýaňlanar durar!

Kämil, akylly kişi sapagy, kitaby ýarym-ýalta, ýüzleý öwrenmegiň kämil usul däldigini örän gowy bilýär. Şoňa görä-de, ol kitaplaryň çuň manysyna aralaşjak bolýar, okan zatlaryny öz paýhas eleginden geçirýär, sebäbi oňa şol okan kitabynyň düýp manysyna düşünmek gerek, bularyň baryny jikme-jik öwrenip bolup hem ol özüni beýleki adamlaryň ornunda goýýar, ähli ýaramaz zatlary zyňyp taşlap, özüni mydama terbiýeleýär. Diňe şeýdip, diňe şu tertipde ýöräp gowy adam bolup bolýar. Iliň sylaýan mert adamy bolup bilýärsiň, şeýdip özüňde özdiýenliligi, berkligi terbiýeläp bolýar, özüňde şu häsiýetleri terbiýeläp hem maksadyňa ýetip bilýärsiň. Ine, şundan soň sen bilim almagy gutardym diýip, arkaýyn aýdyp bilersiň.

Asmanyň öz ýagtysy, öz röwşeni, Ýeriň öz ýaýlasy bar, kämil kişiniň hem öz egsilmez baýlygy bar!

Jahan Bazarowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.     

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: