JEMGYÝET

Türkmenabat şäherindäki «Lebap» toý mekanynda talyp gyzlar üçin konsert guraldy

Türkmenabat şäherindäki «Lebap» toý mekanynda «Bagtyýar zamanaň gül-läleleri» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň guran çäresi Halkara zenanlar gününe bagyşlandy.

Oňa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyp gyzlary gatnaşdylar. Dabarada ýaňlanan aýdymlarda Watan, ene mukaddesligi, zenan gözelligi, bahar tebigatynyň ajaýyplyklary wasp edildi. Bu ýerde çykyş eden talyplar türkmen gelin-gyzlarynyň gazanýan üstünlikleri, ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, türkmen gyzlarynyň asylly sypatlary barada buýsançly gürrüň etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: