JEMGYÝET

Lebap welaýatynda etrap we şäher medeniýet merkezleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň etrap tapgyrlary geçirildi

Lebap welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan etrap we şäher medeniýet merkezleriniň arasynda yglan edilen «Sungatym ― buýsanjym» atly bäsleşigiň Halaç, Hojambaz, Köýtendag we Kerki etraplaryndaky tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşanlar 8 ugur boýunça özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.

Hojambaz etrabynyň Pagtaçy oba medeniýet öýünde etrabyň wekilleriniň Halaçdan gelen kärdeşleri bilen geçiren bäsleşiginde myhmanlaryň çykyşyna ýokary baha berildi. Köýtendag etrabynyň Daşrabat oba medeniýet öýünde Köýtendag we Kerki etraplarynyň medeniýet merkezleri bäsleşdiler. Onuň netijeleri boýunça kerkili sungat ussatlarynyň çykyşlary has şowly diýlip bellenildi. Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçe medeniýet merkezinde Döwletli şäherçe, Dostluk, Magdanly şäher medeniýet merkezleri bäsleşdiler. Netijede birinji orna Döwletli şäherçe medeniýet merkezi eýe boldy.

Bäsleşikde Dostluk şäher medeniýet merkeziniň edebi-sazly kompozisiýasy we wäşileriň degişmeleri «Iň gowy çykyşlar» diýlip yglan edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: