YKDYSADYÝET

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde işleriň depgini artýar

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri şu ýylyň fewral aýynda 6 million 397 müň  manatlykdan gowrak ýük daşadylar. Bu meýilleşdirileninden 1 million 588 müň  manatlykda gowrak ýüküň artyk daşalandygyny aňladýar.

Şonuň ýaly-da, fewral aýynda ýolagçylara 16 million 962 müň manatlykdan gowrak awtoulag hyzmatlary edildi. Bu meýilleşdirileninden 3 million 667 müň manatlykdan gowrak köpdür. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwründäkisinden, şeýle hem ýanwar aýyndakysyndan has ýokarydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: