JEMGYÝET

Türkmenabat şäher kazyýetinde Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenabat şäher kazyýetinde Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň rejelenen görnüşini öwrenmek boýunça maslahat geçirildi, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Kazyýet edaralarynyň kazylarynyň we maslahatçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu maslahatda kodekse girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Kazylar bu kodeksiň ähmiýetli taraplary barada söz açyp, jemgyýetimiziň asudalygyny gorap saklamakda şeýle hukuk özgertmeleriň ähmiýetli taraplaryny nygtadylar. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar Kodekse girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň halkara hukuk namalaryna laýyk gelýändigi barada aýdyp, Türkmenistanda kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň ýüze çykýan meseleleri döwrüň talaplaryna laýyk çözmäge ýardam edýändigini bellediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: