BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de talyplaryň ylmy-taslama işleriniň bäsleşigi geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda talyplaryň ylmy-taslama işleriniň bäsleşigi geçirildi we sergisi guraldy.

Oňa talyplar öz saýlap alan ugurlary boýunça ýazan ylmy-taslama işlerini hödürlediler. Talyplar institutyň professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda taýýarlan ylmy-taslama işlerinde  ýurdumyzyň orta mekdeplerinde we çagalar baglarynda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we mazmunyny ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet beripdirler. Sergide institutyň mugallymlarynyň taýýarlan okuw gollanmalary we ýazan kitaplary hem goýlupdyr. 

Bäsleşikde tapawutlanan talyplar Aşgabatda geçiriljek halkara sergä gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: