Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde «Ussat bagban» ady bilen bäsleşik geçirildi. Oňa bagbançylyk we seçgiçilik bilen meşgullanýan dürli ýaşdaky bagbanlar gatnaşdylar, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Bagyndaky erikdir alma, üljedir garaly daragtlaryndan jemi 9 tonna golaý hasyl almagy başaran Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň bagbany Serdar Döwranow bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Onuň 1,5 gektar meýdanda ýetişdiren miweleri diňe bir agramy boýunça däl, eýsem, görnüşleriniň köpdürlüligi, datlylygy bilen hem ýokary baha mynasyp boldy. Erik bagyndan bol hasyl almagy başaran «Çohpetde» daýhan birleşiginiň bagbany Jumadurdy Döwletow bolsa ikinji orny eýeledi. Bäsleşigiň üçünji baýrakly ornuna Ärsarybaba adyndaky daýhan birleşiginden Jumagül Orazowa mynasyp boldy.