BIZE YAZYARLAR

Türkmen alabaýynyň baýramyna Tohum itleriň aýratynlygy

Türkmeniň dünýä beren gymmatlyklarynyň biri-de onuň alabaý itidir. Arassa tohumly alabaý itleri gözel Garagum çölünde mal bakyp ýören çopanlar has-da eý görýärler. Dünýä meşhur bolan arassa tohumly goýun itlerimiziň janköýerleri az däl. Maly bolan çopanyň ýanynda gurt-guşdan goraglar ýaly gowy itler hem gerek. Mähnet kelleli, erinlek, döşlek, aýagy, bilegi, boýny berdaşly goýun itleri eýesine wepalylygy, mertligi, hüý-häsiýeti barada çarwalaryň gyzykly gürrüňleri kän. Itleriň eý görýän nahary ýagy serpilmez çorba çörek dograp berseň bolany. Onsoň mal-gara nämährem ýyrtyjylaryň dat gününe!

Goýun itleri ygtybarly we gaýduwsyz bolýar. Olar öý eýesine, ýal iýýän gapysyndan girip-çykýanlara, galyberse-de hyzmat edýän çopanyna, sürüsine diýseň eserdeňdir. Olar hilesisdir, mejbury bolaýmasa adama topulyp ýörmeýär. Şeýle bolansoň türkmeniň goýun itleriniň hyrydarlary daşary ýurtlarda-da köp. Bu ugurdan halkara derejesindäki bäsleşiklerde oňa gatnaşýan daşary ýurtlular, itşynaslar olaryň ýanyndan aýrylasy gelmeýär eken. Alabaý itlerinim saklaýan adamlaryň howlusynda itleriň her biri üçin gözenekleri bolýar. Olara nahar taýýarlamak üçin ýörite ojaklar, gazanlar, hatda çörek bişirmek üçin ýörite tamdyr hem gurýarlar.

Türkmen itleri saýhally, akylly, syzyjy, gaýduwsyz bolýarlar.

Türkmen alabaýlary Ikinji Jahan urşy ýyllarynda bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary ýerine ýeetiripdirler. Alabaý edil ahalteke atlary ýaly halkymyzyň milli baýlygydyr.  Olar iň ýyrtyjy haýwanlaryň garşysyna awa hem ýaraýarlar. Olar ýeke bir çarwanyň iň ýakyn hemrasy bolmak bilen birlikde sakçy, yzçy hökmünde hem peýdalanylyp gelinýär. Türkmen itleri kynçylyklara we dürli howa şertlerine çydamlydyr.

Hakyky alabaýyň daş görnüşi hem-de beden gurluşy özüniň sazlaşykly, deňölçegli, birsydyrgynlygy bilen beýleki itlerden tapawutlanýar.

Gülüstan Abdyllaýewa,Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesiniň buhgalteri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: