BIZE YAZYARLAR

Gün energiýasy ― döwrebap energiýa çeşmesi

Garaşsyz ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, energetika pudagy hem barha kämilleşdirilýär we onuň maddy-enjamlaýyn, ylmy-tehniki binýady pugtalandyrylýar.

Bilşimiz ýaly, biziň ýurdumyz tebigy baýlyklara, şol sanda energiýa çeşmelerine hem baý ýurt hökmünde belledir. Şoňa görä-de, bu pudagyň işini ösdürmäge, şeýle-de gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, energiýanyň «ýaşyl» çeşmelerini ösdürmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmagyň ileri tutulýan ugurlaryna häzirkizaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak işleri barha öňe ilerleýär.  Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzda adamzadyň ykbalyna dahylly işlere jogapkärli we tutanýerli çemeleşilýändigini görkezýär.

Elbetde, Gün energiýasyndan peýdalanmakda Türkmenistanda örän uly mümkinçilikler bar. Çünki biziň ýurdumyzda ýylyň 365 gününiň 300-den gowragy güneşli bolup, gije bilen gündiziň ýagty wagty 12-14 sagada barabardyr. Munuň özi Gün energiýasy babatda ýurdumyza örän uly tebigy mümkinçilikleri açýar.

Daşky gurşaw babatda hem örän ähmiýetli çözgüt hasaplanylýan Gün energiýasy gazylyp alynýan ýangyçlara bolan garşylygy azaltmak, çäkli çeşmeleriň üstündäki ýüki ýeňilleşdirmek we Ýer planetasyny sagdyn saklamak ýaly ugurlarda ýokary ähmiýetlidir. Ýeri gelende bellesek, Gün energiýasynyň elektrik togy üçin çykdajylary azaltmakda, üznüksizligi saklamakda, elektrik ýa-da ýylylyk öndürmekde, durmuş enjamlaryny, yşyklandyryş ulgamyny işletmekde netijelidir. Şoňa görä-de, bu energiýa çeşmesi ekologiýa taýdan arassalygy bilen hem tapawutlydyr. Çünki ol arassa we täzelenip bilýän fiziki häsiýete eýedir.  Diýmek, Gün panelleriniň tebigy ýagdaýda Gün şöhlesi bilen işlemegi netijesinde elektrik togy bilen üpjün edilişiň çäklerinde daşky gurşawa zyňyndylaryň ep-esli azaldylmagyny gazanmak mümkin.

Ýene-de bir bellemeli zat, häzirki wagtda Gün ulgamynyň senagatynda tehnologiýa yzygiderli ösdürilýär. Kwant fizikasynda we nanotehnologiýalar babatdaky täzelikler gün panelleriniň netijeliligini artdyryp, ondan gelýän çeşmäniň mukdaryny birnäçe esse ýokarlandyrmaga şert döredýär. Tehniki ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryndan peýdalanyp, Gün energiýasy babatdaky işleriň dowam etdirilmegi geljekde ýurdumyzyň energetika ulgamyndaky kuwwatyny, ykdysady ösüşiniň ilerlemelerini gazanmakda oňyn netijelidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň tebigy mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, döwletimiziň energiýa serişdelerini ylmy taýdan öwrenmäge we netijeli peýdalanmaga döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Güljahan HEMRAÝEWA,

Çärjew etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň fizika mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: