Dost köňlüni ynjytma

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde :

Ençe bir söz diýsem, zybanym kemjär,

Öz köňlüň ýykmasaň, dost köňli ynjar- diýen setirlerde adamlar bilen gowy aragatnaşygy ýola goýmagyň meselesine deglip geçilýär.

Daş-töweregindäkiler bilen gatnaşyklar sazlaşykly, ylalaşykly ýola goýlanda ynsanyň mydama keýpi kök, şähdi açyk bolýar. Ähli ýagdaylarda sagdyn we asuda pikirlenmek, gahar-gazaba berilmezlik, dessine ünsümizi gowy zatlara gönükdirmek iň makul usullaryň biridir.

Owadan arzuwlara ýugrulan süýji ykbalyň durmuş deňzinde çaýkanyp duran bolsa, has gowy ýaşamagyň hatyrasyna ýaramaz endiklerden el çekmegi öwrenmeli.

Munuň uçin ýörite wagt belläp, durmuş hakdaky pikir-hyýallaryňy, arzuw-maksatlaryňy, etsem-goýsamlaryňy gaýta-gaýta gözden geçirmeli. Öz bärden gaýdýan häsiýetleriňi öwrenmeli we olaryň gaýtalanmazlygy, aýrylyp gitmegi üçin çalyşmaly. Şol yaramaz häsiýetleriňi üýtgetmäge jan etmeli. Ýaramaz endiklere ýesir bolmazlyk hakynda aladalanmaly. Ajaýyp häsiyetler bilen bezenmeli we özüňi erkin hem-de dogumly duýmaly. Köp okap, tejribeli adamlar bilen geňeşmeli.

Maşgala durmuşyndan lezzet alýan adamlaryň iň gowusy bolmagy başarýandygyňy subut etmeli — iş oňarýandygyňy görkezmeli.

Dostuň göwnuňe degen bolsa, ýa-da ýoldaşyň özüni alyp barşynda, hüý-häsiýetinde hyýanaty duýsaň-da, olar bilen deň bolmajak bolmaly.

Kinaýa kinaýa bilen, hyýanata hyýanat bilen, ýaňsyly söze ýaňsy bilen jogap

bermekden saklanmaly. Ýa-ha öňki bolşuňy saklamaly, ya-da öňküleriňden hem mylakatly, arkaýyn, asuda-parahat we sabyrly-salykatly bolmaly. Bu şol kişiniň ejizliklerden, namartlyklardan beýikdigiňi delillendirýän aýratynlykdyr. Gylyk-häsiyet, ynam-iman babatda olara meňzemezlik, has gowy bolmaga çalyşmak  iň netijeli usullaryň biridir. Özgeler nädogry baha berse, özüňi alyp barşyňdan, işiňden nägile bolsa, olaryň bu pikirinden rüstemdigiňi, beýikdigiňi ýagşy endikleriň, häsiýetleriň bilen subut etmeli. Seniň gowşaklygyňy delillendirýan we gün geçdigisaýy aňlarynda kök urjak garaýyşlaryny öz asylly häsiýetleriň bilen iňkär etmäge çalyşmaly. Gowy adamdygyňy we öňkülerden hem has gowy bolup bilýändigiňi subut etmeli.

Leýla Gylyçmuhammedowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap geňeşinniň guramňaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector