JEMGYÝET

TRT Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklamaga taýýar

Türkiýäniň TRT teleradiokompaniýasy Türkmenistan bilen habarlary, gepleşikleri we makalalary alyşmaga taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejebowyň kompaniýanyň şol döwletdäki wekilhanasynyň direktory Mehmed Çalyşkyn bilen Astana şäherinde geçiren duşuşygynda aýdyldy.

Ilçi kompaniýanyň wekiline şu ýyl Türkmenistanda ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň hem 28 ýyllygynyň bellenýändigini, geljek ýylda hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň baýram ediljekdigini habar berdi.

Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen guralýan giň gerimli çärelere iki tarapdan media wekilleriň gatnaşmaklary ylalaşyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: