JEMGYÝET

Täze kitaplar gelip gowuşdy


Lebap welaýat çagalar kitaphanasyna Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen täze kitaplaryň 108-den gowragy gelip gowuşdy.
Kitaphana işgärleriniň tagallasy bilen bu ýerde täze kitaplar bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary, bilim işgärleri we köpsanly kitapsöýüjiler gatnaşdylar. ” Akyl hazynasy “, “Magtymguly Pyragy-dünýä danasy”, ” Kalplara siňen Pyragy” atly täze kitaplarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada söhbet açylýar. Kitaphana işgärleri ol kitaplar bilen okyjylary ýakyndan tanyşdyrdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: