«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Türkmenabat Halkara howa menzili sanawda görkezilen harytlary satyn almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär. Bu barada welaýat neşirinde habar berildi.
Harytlary satyn almak boýunça:
— dik suw sorujy, kuwwatlygy 55 kW (Germaniýanyň önümi «Siemens») — 2 (iki) sany;
— dik suw sorujy, kuwwatlygy 15 kW (Germaniýanyň önümi «Siemens») — 3 (üç) sany;
— elektrodwigatel, kuwwatlygy 90 kW (Russiýanyň önümi) — 1 (bir) sany;
— elektrodwigatel, kuwwatlygy 18 kW (Russiýanyň önümi) — 1 (bir) sany.
Açyk görnüşli bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary hödürlemeli:
— kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy barada resminamalary, ýuridiki salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili, onuň el we iş telefonlary;
— kompaniýanyň agzalan ugry boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar;
— bäsleşige gatnaşjak kompaniýanyň jogapkär wekiliniň ynanç haty. Bildiriş berlen gününden açyk görnüşli bäsleşige teklipler 1 (bir) aýyň dowamynda sagat 9.00-dan 18.00-a çenli kabul edilýär.
Degişli resminamalar Türkmenabat Halkara howa menziliniň marketing we şertnamalar bölümine berilýär.
Menziliň salgysy: Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesiniň ugry. Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: +993 (422) 9-46-78; 9-47-03 elekt ron.poçta: tia.gov.tm