BIZE YAZYARLAR

Suw ― ýaşaýşyň çeşmesi

Her damjasy zere deňelýän suwuň gadyr-gymmatyna biziň halkymyz ýokary baha berýär. Suw ― ýaşaýşyň çeşmesi, suw ― saglygyň sakasy. Onuň saglyga täsiri baradaky gyzykly maglumatlar, täsinlikler hem az däl. Geliň olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň.

 Bir gije-gündiziň dowamynda bedene ortaça 2 litr suw gerek. Geçirilen barlaglaryň netijesine görä, adam günde 1,5 ― 2 litr suw içýär. Tomus aýlarynda bedeniň suwa talaby has artýar. Biziň suwuklyk görnüşinde içýän agyz suwumyzdan başga-da, miweler, gök önümler, ir-iýmişler, mesge we beýleki azyk önümleri arkaly 0,5 litr töweregi suwuklygy kabul edýändigimiz subut edilendir.

Adamyň endamynda suw ýetmezçilik edende iýmit siňdiriş, gan emele geliş bozulýar. Bedeniň gyzgynlygynyň kadaly ýagdaýda saklanmagynda-da suwuň hyzmaty uludyr. Ol öýjüklerde biohimiki hadysalaryň bolup geçmegini üpjün edýär. Böwrek, içege, deri, öýken arkaly endamdaky zyýanly maddalary daşa çykarýar.

Kadaly ýagdaýda adam günde 2 litre golaý suw ýitirýär. Ol derlände, dem alanda  adamyň teninden zyýanly galyndylary alyp çykýar. Şoňa görä-de onuň öwezini dolmak hökmandyr. Köp mukdarda suw ýitirilende deri guraýar, salparýar, mürşerýär, myşsalar gowşaýar. Degna ulgamyna hem suw ýetmezçiligi ýaramaz täsir edýär. Ünssüzlik, aljyraňňylyk,  gaharjaňlyk, iç gatama peýda bolýar.

Bedeniň umumy agramynyň 2 göterimine barabar suw ýitirilende adam teşneligi duýýar, bu görkeziji 6-8 göterime ýetende bolsa ýarym bihuş ýagdaýa düşýär. Bedendäki suwuklygyň ýitgisi 10-20 göterime ýetende bolsa adam ömrüne howp abanýar.

Taýýarlan: Bägül Kluşowa,

Türkmenabat  Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: