2021-nji ýyldaky Dünýä ykdysady maslahaty Singapurda geçiriler

Dec 12, 2020

Dünýä ykdysady maslahatynyň 2021-nji ýyldaky geçiriljek ýeri belli boldy. «Reuters» agentligi maslahatyň Singapurda geçiriljekdigini habar berdi. Agentlik habarynda maslahatyň prezidenti Borge Brendeniň aýdanlaryna esaslanýar.
«Ýerine ýetiriji komitet 2021-nji ýyldaky maslahaty Singapura göçürmek kararyna geldi. Bu möhüm karar maslahatyň ýokary derejede geçmeginiň binýady bolar» diýip habarda aýdylýar.
Agentligiň ýazmagyna görä, Singapurdaky Dünýä ykdysady maslahaty 13 ― 16-njy maý günlerinde geçiriler.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: