YKDYSADYÝET

«Şir ýagyň» görnüşleri iki esse artar

«Asuda akym» hususy kärhanasy ýakyn geljekde «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglarynyň görnüşlerini häzirkisinden iki esse artdyrar. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.

Täze önümçilik desgasy 13-nji martda açylyp, ulanylmaga berlen önümçilikde häzir çalgy ýaglarynyň 25 görnüşi öndürilýär. Soňy bilen ony iki essä çenli köpeltmek maksat edinilýär. «Şir ýag» haryt nyşanly önümler dürli ölçegdäki plastik gaplara gaplanylyp, alyjylara hödürlenilýär.

Bu ýerde ýylyň dowamynda mineral we sintetiki ýaglaryň 20 müň tonnasyny öndürmek meýilleşdirilýär. Önümçilik kärhanasynyň Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginde açylyp, ulanylmaga berlendigini ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: