JEMGYÝET

Satuwda glisirrizin kislotasy bilen baýlaşdyrylan çörek peýda boldy

Paýtagtyň «Bereketli» supermarketinde glisirrizin kislotasy bilen baýlaşdyrylan çörek peýda boldy. Buýan kökünden alynýan glisirrizin kislotasyny iýmit önümlerine goşmagyň tehnologiýasyny Türkmenistanyň ylymlar Akademiýasynyň tehnologiýalar Merkezinde işläp taýýarladylar.

Mundan başga-da, hünärmenler ony «Berzeňňi» mineral suwuna hem goşýarlar.

Olar glisirrizin kislotasynyň diňe bir biologiki işjeňliginiň barlygy bilen çäklenmän, eýsem, dermanlaryň täsirini güýçlendirip hem bilýär, hatda bilelikde ulanylan wagty olaryň terapewtiki dozasyny kemeltmäge hem mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem, iýmit önümlerine goşulan glisirrizin kislotaly preparatlar organizmdäki interferonyň iýmite oňyn täsir etmegiň, fagositozyň ýokarlanmagynyň, tebigy killerleriň (zyýanly wiruslary we bakteriýalary ýok edijileriň) işjeňligini ýokarlandyrmagyň hasabyna çalşyk prosesslerini gowulandyrýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: