BIZE YAZYARLAR

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi

Şu gün Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi. Iki mekdebiň hem kirişli saz gurallary bölüminiň mugallymlarynyň «Kirişli saz gurallary» ösüş ýolunda atly iş maslahatyna Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň wekilleri welaýat kitaphanasyndan gatnaşdylar.

Mekdepleriň ikisiniň hem degişli bölümleriniň müdirleriniň açylyş sözi bilen başlan iş maslahatynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň wekili hökmande maňa «Ştrih tehnikasy we artistizm» atly çykyş ynanyldy. Bu çykyşda gozgalýan möhüm mesele D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk sungat mekdebiniň mugallymy Seýran Kasiminiň ýolbaşçylygynda talyp Selim Halmuhammedowyň skripkada çalan sazy arkaly has berkidildi. Soňra iki mekdebiň mugallymlary gozgalýan tehniki mesele babatynda özara pikir alyşdylar.

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň kirişli saz gurallary bölüminiň wiolonçel hünäriniň mugallymy Anwar Jumakulyýewiň «Wiolonistiň oturyşy» atly çykyşy hem täsirli boldy.

Ýeri gelende aýtsak, welaýat ýörite sungaty ýurdumyzyň beýleki ugurdaş mekdepleri bilen sanly ulgam arkaly we ýüzbe-ýüz maslahatlary ýygy-ýygydan geçirip durýar. Bu bolsa mekdeplere ýaş nesle sungatyň inçe ugurlary boýunça berilýän bilimiň has täsirli bolmagyna şert döredýär.

Jemal HUDAÝBERDIÝEWA,

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: