BIZE YAZYARLAR

Bagtyň açary seniň eliňde…

«Iň bagtly ynsan kim» diýen soraga bir dana kişi «Köp adama bagt eçilýän adamdyr» diýip jogap beripdir. Söýgi Älem giňişliginde, Asman astynda hem Zemin üstünde kuwwatly ýaradyjy güýç saýylýar. Söýgi bu Barlygy ýaratdy. Söýgi ýaşaýşy döretdi. Bagtyň açaryny alyslardan gözlemeli däl. Ol altyn açar seniň öz eliňde. Ol hem seniň kalpdan çykýan töwerege bolan päk söýgiň. Dumly-duşa söýgi paýlaýan ynsanyň, ony gözlemeginiň hajaty ýok. Çünki seniň eçilen söýgiň aýlanyp uly mukdarda dolanyp eýesine gaýdyp gelýär. Bu jadyly aýlaw bolsa diňe söýgini adamzada berip bilýän wagty amala aşýar. Bu tebigatyň kanunalaýyklygy. Biz berýän zadymyzy alyp bilýändiris. Söýgi bu jahanda biziň çak edişimizden juda kän. Derýanyň suwuny serpmek bilen gutaryp bolmaýşy ýaly, ynsana eçilen söýgiňi näçe bagş etdigiň saýy, onuň gory azalmaz.

Söýgi bu iki juwanyň arasyndaky birek-birege bagty köp bermek ýaryşydyr. Bu ýaryşda söýgini juda köp eçilen ýeňiji bolýar. Öňem bir akyldaryň «Söýmek birek-birege seretmek däl-de, bilelikde bir tarapa seretmekdir» diýen sözüne eýerip, durmuş ýoluňy şeýle ýakymly ýaryşa öwrüp, çarkandakly ýollary deň çekişip, bile geçmekdir.

Ýer ýüzünde ähli janly-jandar söýgä ymtylýar. Gahara gahar bilen jogap berme. Gahar gahary oda ýag guýlan deý möwjedýär. Çyra kimin tümlügi ýagtylt. Saňa gazap bilen bakana ýylgyryp bak. Şeýtmek bilen sen garşydaşyň sabyr-takadyny elden alarsyň. Tümlük bu yşygyň ýoklugydur, ýagtylyk bolsa elmydama ýeňýändir. Şu ýerde Ýunus Emräniň: «Eşidiň, eý ýaranlar!. Yşk bir güneşe meňzär. Yşky bolmaýan köňül mysaly daşa meňzär» diýen sözleri juda ýerlikli aýdylan. Gunçanyň bägül bolup açylmagy üçin nurly Gün, mähir-muhabbet gerek ahbetin…

Özüni bu ajaýyp duýga bagş eden ynsanyň oý-pikiri hem ajaýyp bolýar. Ynsan ömür ýolunda bagtly ýaşap, hiç haçan gaýtalanmajak ömrüniň her pursadynyň gymmatyny bilip, lezzet alyp ýaşamaly. Çünki biz öz pikirlerimizi durlap, sagdyn duýgular bilen öňe gitmek bilen durmuşyň öwrümli ýollaryndan geçip, dogry we aýdyň ýola özümizi ugrukdyrýarys. Arassa hem gözel pikiri bilen, kalby päk söýgiden püre-pür doly ynsan öz ýolunyň şamçyragy bolup özüne ýardam etmegi başarýar.  Adam her gününi, her minudyny öz pikiri, sözleri, hereketi bilen döredýär. Öz pikiriňi üýtgetmek bilen öz dünýäňi özgerdýäň. Daşky hem içki dünýäň ajaplygy seniň eliňdekä başyňy aşak egmegiň name geregi bar-ka?. Şowsuzlyk hakyndaky pikirler beýniňi eýelän pursady, sen onuň guluna öwrülýäň. Weýrançylyk kelläňden, beýniňi gaplap alan pikiriňden gelýändir. Içki dünýäniň darlygy bu giň dünýäni hem daraldýar. Durmuş ýoluňda gabat gelýän kynçylygy birine ýüklemegiň peýdasy ýok. Şu ýerde A.Atabaýewiň goşgy setirlerini ýatlasym gelýär: «Biz kämahal ähtiýajy unudyp, Soň günäni ýükleýäris pelege». Başyňy sämedip barýan pikirleriňi durlap, ýagşy niýet bilen çalyş. Üstünligiň, rowaçlygyň, ýeňşiň çeşmesi seniň özüňde ahbetin… Ol hem özüňe bolan Söýgi, Barlyga bolan Söýgi, Adamzada bolan Söýgi!. Şonuň üçin bu ajaýyp dünýäde Söýüp hem Söýlüp ýaşa!.

 

Tawus Allaberdiýewa,

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: