DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Şakira «Ýylyň zenany» baýragyna mynasyp boldy


Dünýäde iň meşhur aýdym-saz žurnallaryndan biri bolan «Billboard» aýdymçy Şakirany «Ýylyň zenany» diýip yglan etdi.

Estrada aýdymçysy 46 ýaşynda Latyn zenanlarynyň aýdym-saz baýragyna mynasyp boldy. Bu žurnalyň taryhynda Latyn Amerikasynyň sungat işgärlerini aýdym-saz pudagyna goşan goşantlary üçin sylaglamak boýunça ilkinji baýramy bolar. Baýrak gowşurylyş dabarasy 7-nji maýda geçiriler. Neşirde bellenip geçilişi ýaly,

Şakiranyň 95 million ýazgysy satyldy we ähli döwürleriň iň meşhur sazandasy, şeýle hem Latyn Amerikasynyň iň meşhur aýdymçysy boldy.

«Billboard Latin Esnapol» kompaniýasynyň mazmun boýunça baş direktory şeýle diýýär:

― Şakira ― aýalyň aýdym-sazdaky nusgasydyr. Onuň üsti bilen bütin dünýädäki latyn aýal-gyzlaryna şahsy aýdym ýazmak we çuňňur çykyş etmek mümkinçiligi berildi. Ol öz hereketini döretdi we öňküsi ýaly biziň döwrümizde hem nepisligi bilen ýokary abraýda eýe bolup galýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: