JEMGYÝET

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli sergi guraldy

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «At ― türkmeniň guwanjy» wagtlaýyn sergi ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesi bilen bilelikde guralan sergä Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we bilim işgärleri gatnaşdylar.

Sergide muzeýiň gaznasyna degişli bolan at esbaplary, eýerler, agyzdyryklar, kilimden dokalan ýapynjalar, keçe, haly önümleri, torbalar, türkmen zergärleriniň ýasan, atlara dakylýan bezeg şaý-sepleri ýerleşdirildi. Şeýle-de bedewlerimiziň taryhy ýadygärliklerden tapylan toýundan ýasalan heýkelleri hem-de ylmy maglumatlar goýuldy.

Welaýatyň görnükli suratkeşleri Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary Şerif Hemraýewiň we Hemra Şükürowyň «Behişt guşy», «Aýrylmaz dost», «Çapyşyk», welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Babamyrat Karýagdyýewiň «Bedew» ýaly nakgaşçylyk işleri bu ýere gelen myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Heýkeltaraşlaryň bedewleri wasp edip ýasan heýkelleri bolsa serginiň many-mazmunyny has-da artdyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: