JEMGYÝET

Lebap welaýat adalat bölüminde Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabara geçirildi

Lebap welaýat adalat bölüminde «Magtymguly Pyragy — türkmen halkynyň dünýäde ykrarly beýik akyldary» diýen at bilen maslahat geçirildi. Oňa welaýatyň kazyýet edaralarynyň we adalat bölüminiň işgärleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň işewür agzalary we Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň görnükli akyldary Magtymguly Pyragynyň halallyk, watançylyk, ynsanperwerlik pikirlerine ýugrulan baý edebi mirasyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu maslahatda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda dana şahyrymyzyň döredijiliginde nesil terbiýesi babatynda öňe sürülýän parasatly pikirlere, halkymyza mahsus ýol-ýörelgelere we garaýyşlara uýmagyň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Beýik söz ussadynyň arassa ahlaklylygy, agzybirligi, ruhy kämilligi, sagdynlygy beýan edýän şygyrlarynyň okalmagy maslahatyň täsirliligini has hem artdyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: