BIZE YAZYARLAR

Ary balynyň dermanlyk häsiýetleri

Tebigat janlanyp, baglaryň köpçülikleýin gülleýän döwri olaryň gülüniň miwä öwrülmegine bal arylaryň hem örän uly ähmiýeti bardyr. Çünki olar, agaçlaryň gülünde jemlenen şiräni (nektary) sormak bilen birlikde, güli tozanlandyrýarlar we miwäniň emele gelmegine uly goşant goşýarlar.

Bal arylaryň ýygnaýan balynyň adam saglygyna örän uly peýdaly täsiri bardyr. Bal arylaryň işjeňlik döwründe olaryň ýygnaýan balynyň peýdaly täsirleri barada gürrüň etmeklik has-da netijeli bolar.

Ary baly özüniň dermanlyk häsiýetleri we ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, 1 kg baly öndürmek üçin balarylar orta hasap bilen azyndan 5 müň güle gonup, 430-450 müň kilometr ýol geçýärler we ösümlikleriň gülünde jemlenen şiräni (nektary) ýygnaýarlar. Olar şiräni gaýtadan işlänlerinde ony fermentler we beýleki maddalar bilen baýlaşdyryp, oňa gymmatly aýratynlyklary berýärler. Şeýle hem bala belli bir derejede dürli ösümlikleriň gül tozanjyklary hem düşýär. Bularyň ählisi jemlenip, balyň çylşyrymly düzüminiň bolmagyna getirýär.

Bal adamyň iýmit siňdirişinde ýeňil özleşýän, süýji, gymmat bahaly iýmit hasaplanylýar. Ol myşsalary güýçlendirýär, bedeniň tiz we gowy ösmegini üpjün edýär. Ony ýaş çagalara bermek has-da peýdalydyr. Düzüminde ýakymly ys beriji maddalaryň we organiki kislotalaryň bolmagy özüne çekýär, işdäňi açýar. Balyň düzümindäki mineral maddalar bolsa ganyň köpelmegine we onuň düzüminiň gowulaşmagyna getirýär. Düzüminde efir ýaglaryň we şepbikli maddalaryň bardygy sebäpli, gan aýlanyş we nerw ulgamyna oňat täsir edýär, olaryň işjeňligini ýokarlandyrýar.

Seýitmyradowa Zylyha

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: