BIZE YAZYARLAR

Saglyk – baýlykdyr

Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürüp, halkymyzyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy hakynda uly alada edýär. Halkymyz sagdyn bedenli, päk ahlakly nesilleri terbiýeläp, ýetişdirmäge uly ähmiýet  berýär. Paýhasly ata-babalarymyzyň «Görk agyzdan» diýip aýdyşy ýaly, kadaly iýmitlenmegiň hem sagdyn ýaşamaga uly ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiz ak bazarlarymyzy ýylyň hemme paslynda ýokumlara baý önümlerden doly bolmagy üçin eden aladalaryny bu günki gün  lezzetini görýäris. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly  köpjiltli  kitabyny  ýankitap  etmekde hem saglygymyz barada köp zatlary bilýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwrüniň her bir ýylynda uly üstünlikler gazanylýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda-da il-günümiz abadan, asuda, saglyk bilen geljege ynamly gadam urýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde Garaşsyz Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşli ýoly rowaçlanyp, halkymyz bagtyýar zamanada ýaşaýar. Geçmişde dana pederlerimiz nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdirler. Röwşen geljegi nazarlaýan bu iňňän derwaýys mesele dogrusynda Milli Liderimiz, hormatly Prezidentimiz hem ýadawsyz alada edýär. Oba-kentlerde, etrap-şäherlerde, welaýat merkezlerinde sport mekdeplerini, merkezlerini,  toplumlaryny açylyp berildi. Bu bolsa ýaşlaryň wagtlaryny bihuda geçirmezligine uly ýardam berýär. Diýarymyzda bellenilýän milli baýramçylyklarymyzda sportuň, bedenterbiýäniň dürli görnüşleri baýramçylyk meýdanlaryny bezeýär. Sportuň dürli görnüşlerinden mekdeplerde, edara-kärhanalarda bäsleşikler geçirilip durulýar. Şeýle türgenleşikleriň ýola goýulmagy okuwçylaryň, talyplaryň, işgärleriň sagdyn bedenli, ruhubelent, gujur-gaýratly bolmaklaryna ýardam edýär. Biz hem orta okuw mekdebimiziň mugallymlary bolup ýaşlaryň arasynda sport bäsleşiklerini geçen ýylyň bütin dowamynda geçirdik we „Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar“ ýylynda ýene giň gerimde geçireris. Ýaşlary sporta çekmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

 Myrat Joraýew,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: