SPORT WE SYÝAHAT

Pekindäki gyşky Olimpiada: Şwesiýanyň toparynda hemmelerden köp altyn medal bar

7-nji ýanwar. Medallaryň sany boýunça görkezijilerde üýtgeşmeler bolup geçdi. Şwesiýanyň Olimpiýa ýygyndysy üç sany altyn medal gazanyp, hemmelerden öňe saýlandy. Olaryň yzy bilen MOK-niň baýdagynyň astynda çykyş edýän russiýaly türgenler barýarlar. Olar iki altyn, üç kümüş we iki bürünç medal gazandylar. Niderlandly türgenler bäş (iki altyn, şonça kümüş we bir bürünç) medal bilen jedweliň dördünji setirinden üçünji setirine çykdylar. Dördünji ýerde Olimpiadanyň hojaýynlary barýarlar. Hytaýyň topary oňa dört — iki altyn we şonça-da kümüş — medal bilen dokuzynjy setirden galdylar. Olaryň yzy bilen Germaniýa, Norwegiýa we Sloweniýa barýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: