BIZE YAZYARLAR

Öýken sowuklamasy

Ýurdumyzda sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meselesi bolan howply ýokanç keselleriň öňüni almak ugrunda zerur çäreleri ýola goýulmak bilen, lukmançylyk edaralarynda öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýa işläp taýýarlamalary hem-de usulyýetleri iş tejribesine ornaşdyrylýar. Olarda häzirki döwürde dünýäde emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutulyp, ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagyna garşy göreşilýär. Şeýle hem bu ugurda amala aşyrylýan ähli çäreleri hemişe gözegçilikde saklanylýar.

«Ýiti öýken sowuklamasy keseli» näme?

Üsgülewük, ysgynsyzlyk, bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagy, dem almagyň kynlaşmagy ýiti respirator wirusly ýokançlaryň we ýiti respirator keselleriň islendik görnüşini güman etmäge esas berýär. Şeýle alamatlar bilen geçýän öýken sowuklamasynyň (pnewmoniýa) ony beýleki sowuklama kesellerinden tapawutlandyrýan aýratynlyklary bardyr. Öýken sowuklamasynda güýçli üsgülewük ilki gury bolup, soňabaka näsag üsgürende nemli gakylyk peýda bolup başlaýar. Syrkaw tiz-tizden sojap dem alýar. Dem alanda döşünde, gapyrga töwereklerinde agyry döreýär. Bedeniň temperaturasy 38С çenli ýokarlanyp, 2-3 günläp şu derejede durnukly saklanýar. Wirusly pnewmoniýada bokurdak agyrýar, gyzarýar, çişýär. Çagalarda duş gelýän öýken sowuklamasynda burun, dodak töweregi gögerýär.

Öýkeniň sowuklamasy dörändir diýlip güman edilende wagt ýitirmän maşgala lukmanyna ýa-da pulmonolog lukmana ýüz tutmak hökmandyr. Kesel öýkeniň rentgen barlagynyň esasynda anyklanylýar. Öýkeniň daşky funksiýasyny barlamak maksady bilen spirografiýa barlagy geçirilýär. Käte zeperlenmäniň derejesini anyklamak üçin öýkeniň kompýuterli tomografiýa (KT) barlagyny geçirmäge zerurlyk ýüze çykýar. Öýken sowuklamasynyň görnüşini (wirusly ýa-da bakteriýaly) anyklamak üçin ganyň barlagyny geçirmek hem hökmany şert bolup durýar. Sebäbi wirusly we bakteriýaly pnewmoniýanyň bejergisinde täsiri boýunça biri-birinden tapawutlanýan derman serişdeleri ulanylýar.

Şeýle hem, öýken sowuklamasyna getirip bilýän kesellere, şol sanda dümewe garşy geçirilýän öňüni alyş sanjymlary bu keseliň ýüze çykmak ähtimallygyny azaldýandygyny hemişe berk ýatda saklamaly.

Oguljemal Babaýewa,

welaýat onkologiýa hassahanasynyň radiologiýa bölüminiň müdiri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: