BILIM

Türkmenabatda Halkara gatnaşyklary institutynyň «Açyk gapylar» günleri geçiriler

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty şu aýyň dowamynda Türkmenabat şäherinde iki gezek «Açyk gapylar» gününi geçirer. Olaryň biri ertir ― 12-nji aprelde, ikinjisi bolsa 26-njy aprelde geçiriler.

Institut Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin «Açyk gapylar» günleriniň geçiriljek ýeri hökmünde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny saýlap aldy.

Şol günlerde ýaşlar Türkmenistanyň Prezidentimiziň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, okuw mekdebiniň durmuşy baradaky diwarlyklar we wideofilm bilen, şeýle hem Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, okuw studiýasy, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezleri bilen tanşyp bilerler.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: