BILIM

Orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçirildi

Şu gün Lebap welaýatynda orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň etrap, şäher tapgyrlary geçirildi.

Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşiklere onuň deslapky tapgyrynda öňe saýlanan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşik okuw dersleriniň onusy boýunça guraldy. Düýn şeýle bäsleşik 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi.

Birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelän okuwçylara guramaçylar degişli Diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar. Olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: