BILIM

Lebap welaýatynda orta mekdepleriň birinji synpyna geçen ýylkydan 700 töweregi okuwçy köp bardy

Şu gün ähli ýerlerde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralar bolup geçdi. 

Täze okuw ýylynda orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 388-siniň birinji synpynda 31 müň 700 töweregi oglan we gyz bardy. Bu geçen ýylky birinji synpa baranlaryndan 700 töweregi okuwçynyň köpdügini aňladýar. Geçen ýyl orta mekdepleri tamamlan okuwçylardan bolsa 12 müň 300-e ýakyn köpdür.

2022—2023-nji okuw ýylynda orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň ählisinde 325 müň 670 töweregi okuwçy bilim we terbiýe alarlar. Geçen okuw ýylynda bu san 313 372-ä barabardy.

Birinji synpa baran okuwçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Bilimli» kompýuterlerini sowgat berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: