BIZE YAZYARLAR

Oba hojalygynda tutumly maksatlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn ― anna güni geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagy bilen bagly gol çeken resminamalary bu pudagyň ýaş hünärmenlerini taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebimiziň ähli mugallymlaryny begendirdi.

Hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, ýurdumyz boýunça sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ylmy esasda ekin dolanyşygyny alyp barmak maksady bilen, jemi 1 million 414 müň 980 gektar meýdanda oba hojalyk ekinleri, 106 müň gektar meýdanda bolsa gök-bakja ekinleri ýetişdiriler.

Şuňa laýyklykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlar boýunça 2023-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky Karara gol çekdi. Bu resminama Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Kabul edilen Karara laýyklykda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň häkimlikleri oba hojalyk ekinleriniň ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň öndürilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda dürli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda gök-bakja önümleriniň, miweleriň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň wajypdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýylda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek meýilleşdirilýär. Bu asylly işe biz hem ýakyndan goşant goşmagy maksat edinýäris.

Rejep Joraýew,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: