SPORT WE SYÝAHATTÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebaply türgenleriň üçüsi Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ikinji gününe ýeňiş bilen başladylar

Türkmenistanly türgenler Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ikinji gününe hem ýeňiş bilen başladylar.

Türkmen ýygyndysyndan günüň ilkinji tutluşygyny erkekleriň arasynda 73 kiograma çenli agram derejesinde Şatlyk Jumanyyýazow geçirdi. Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde tälimçi bolup işleýän 24 ýaşly türgen 1/8 finalda şri-lankaly Rumeş Anuradha Silwany bary-ýogy 15 sekuntda ýeňdi. Şatlygyň çärýek finaldaky garşydaşy kamerunly Frank Junior Molakýe bolar.

66 kilograma çenli agram derejäniň wekili Döwlet Hamrakulyýew bolsa ýeňiş üçin Şatlykdan hem az wagty – 13 sekundy sarp etdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň birinji ýyl talyby pakistanly Muhammad Şehroze Razini ýeňdi. Munuň üçin oňa bary-ýogy 13 sekunt gerek boldy. Döwlet Hamrakulyýew kuraşyň Lebap mekdebiniň uçurymydyr.

Erkekleriň arasynda iň ýeňil agram derejäniň – 60 kilograma çenli agramyň wekili Wepa Awlýakulyýew bolsa çärýek finalda yrakly Mohammed Al-Garrawini ýeňip, azyndan bürünç medal gazanmak mümkinçiligini kepillendirdi.

Wepa Awlýakulyýew TGM-niň Lebap welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri baradaky bölüminiň adatdan daşary ýagdaýlary hasaba almak, seljermek, çaklamak we raýat goranyşyň çärelerini meýilleşdirmek bölümçesiniň müdiriniň kömekçisi bolup işleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: