«Şatlyk» baş baýrama aýdym-sazly çykyşlary taýýarlaýar
Hojambaz etrap Medeniýet merkeziniň «Şatlyk» halk aýdym we tans topary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna täze eserleri sowgat getirýär.
Alijan Umarowyň ýolbaşçylygyndaky topar baş baýrama «Garaşsyzlyk ― buýsanjym», «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly eserlerini taýýarlaýar diýip, welaýat neşiri habar berýär.
40 ýyla golaý wagt bäri işläp gelýän topar welaýat, döwlet derejeli bäsleşikleriň hem birnäçesinde ýeňiji boldy.