YKDYSADYÝET

Lebapda gowaça ekişine ak pata berildi

20-nji martda lebap welaýatynda gowaça ekişine badalga berildi. Welaýatyň oba hojalykçylary şu ýyl hem 130 müň gektar meýdanda pagta hasylynyň 320 müň tonnasyny ýygnap, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler.

Täze oba hojalyk möwsümine badalga beriş çäresi Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň meýdanlarynda geçirildi. Ondan öň welaýat häkimliginde täze möwsüm bilen bagly iş maslahaty geçirildi.

Häzirki wagtda welaýatyň oba hojalyk işlerinde ulanylýan dürli kysymly kuwwatly daşary ýurt tehnikalarynyň jemi sany 1500-den gowrakdyr. Şolaryň agramly bölegi elektron ulgamy arkaly dolandyrylýan tehnikalardyr. Gowaça ekişinde «Monosem» kompaniýasynyň gowaça ekijileri hem ulanylar. Mundan başga hem gowaça ekijileriň kämil görnüşleriniň uly topary ekişe gatnaşdyrylar. Tehnikalaryň jemi 431-si ekişe çekildi.

Kärendeçileriň tohum bilen üpjünçiligi hem ýokary derejede guraldy, ekmek üçin tohumlyk çigidiň 23 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaçanyň «Ýolöten-7», «Ýolöten-39», «S-2606» ýaly görnüşleri ekilýär. Şeýle hem «Ýolöten-50», «Ýolöten-53» ýaly gowaçanyň täze görnüşlerini ekip, synagdan geçirmek bu ýyl hem dowam etdirilýär. Gowaçanyň «Garaşsyzlyk-30» görnüşi hem ýene-de synag üçin ekilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: