Türkmenistan Özbegistandan iň köp alma satyn alan döwletleriň hataryna girdi
Türkmenistan şu ýyl Özbegistandan iň köp alma satyn alan döwletleriň ilkinji üçlügine girdi. Bu barada özbek metbugaty habar berýär.
Ýurrduň Statistika baradaky gullugynyň habaryna görä, özbek oba hojalykçylary şu ýylyň ýanwar ― maý aýlarynda Türkmenistana 649 tonna alma eksport etdiler. Bu babatda 2,5 müň tonnalyk import bilen Gazagystan, ikinji orny 764 tonna bilen Russiýa eýeleýär.
Ýeri gelende aýtsak, 2023-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda Özbegistan 7 döwlete umumy bahasy 1,8 million amerikan dollaryna barabar bolan 4,4 müň tonna alma eksport etdi. Goňşy döwletden alma satyn alanlaryň ilkinji bäşliginde 444 tonnalyk söwda bilen Gyrgyzystan hem-de 125 tonnalyk önüm bilen Täjigistan hem bar.