YKDYSADYÝET

Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabriginde nah ýüplügiň 2557,9 tonnasy eksporta iberildi

Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabriginde şu ýylyň başyndan bäri 3921 tonna nah ýüplügini öndürilip, şonuň 2557,9 tonnasyny eksporta ugratdylar, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Bu gymmatly çig malyň dürli ölçegdäki görnüşleri Russiýa, Türkiýe, Eýran, Ermenistan, Polşa ýaly ýurtlara iberilýär. Eksporta ugradylan önümleriň manatdaky möçberi 25 million 925 müň 105 manada barabar boldy.

Şu ýylyň dokuz aýynda jemi öndürilen önüm 39 million 308 müň 467 manatlyga deňdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: