YKDYSADYÝET

Kerki demirýol menzilinde çärýeklik meýilnama berjaý edildi

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Kerki demirýol menzilinde şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 4 müň 493 ýolagça hyzmat edilip, 120 müň 285 manatlyk iş ýerine ýetirildi.

Şeýle-de bu döwürde wagonlaryň 631-si arkaly 34 müň 501 tonna ýük daşaldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli köpdür.

1999-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda açylan bu demirýol menzili üç bölümden ybarat bolup, bu ýerde işçi-hünärmenleriň 40-a golaýy zähmet çekýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: